2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine, şeýle hem “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar: durnukly ösüş arkaly parahatçylyk we ynanyşmak” Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji maslahatyna meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri” atly okuw seminary geçirildi.
Meýletinçiler ata Watanymyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini, däp-dessuryny, medeniýetini, sungatyny daşary ýurt dillerinde öwrenip, geljek daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin beýan etmek bilen, biziň ýurdumyzyň halkara abraýyna uly goşant goşýarlar. Bu okuw seminarynda “Taryhy ýadygärliklerimiz – medeni gymmatlyklarymyz”, “Taryhy we medeni ýadygärliklerimizi beýan etmekde peýdaly çeşmeler”, “Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ajaýyp binalarymyz” atly temalarda çykyş eden mugallymlar we meýletinçi talyplar watanymyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri dogrusynda giňişleýin maglumat berdiler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Meýletinçiler merkezi tarapyndan gurnalýan okuw seminarlary göniden-göni meýletinçiligiň umumy nazary taýýarlygyna, şeýle-de terjimeçileri we ýolbeletleri taýýarlamaga gönükdirilýär.
Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy