Talyp türgenimiziň ajaýyp ýeňişi

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 13-20-si aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde sportuň sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen Aziýa we Okeaniýa çempionatyna gatnaşan türkmen türgenleriniň arasynda biziň baýry ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Baýramow Babamurat baýrakly II orna mynasyp bolmagy başardy.  

Bu bolsa ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Geljekde hem Baýramow Babamyrada sport äleminde uly üstünlikler gazanmagyny arzuw edýäris.