2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika” “Fizika”, “Himiýa” we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” okuw derslerinden geçirilen ders bäsleşikleri

         Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşa geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda “Matematika”, “Fizika”, “Himiýa” we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” okuw derslerinden ders bäsleşikleriniň II tapgyryny şu gün 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na geçirildi. Ders bäsleşikleriniň II tapgyry Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda, Mary welaýaty boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, Daşoguz welaýaty boýunça Türkmen oba hojalyk institutynda, Lebap welaýaty boýunça Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda we Balkan welaýaty boýunça Balkan welaýatynyň  Balkanabat şäherindäki 22-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde  geçirildi.