“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri”

2025-nji ýylyň aprel aýynyň 25-ine Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Men” “Watan” we “halk” diýen mukadess sözleriň ýurdumyzyň  ýaşlarynyň durmuş şygaryna öwrüljekdigine, olaryň ata-ene we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen parasatly sözlerinden talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Ýeňiş güni mynasybetli “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşiginiň deslapky tapgyry geçirildi.