2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine, şeýle hem “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar: durnukly ösüş arkaly parahatçylyk we ynanyşmak” Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň üçünji maslahatyna meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak we bu maslahatyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda, “Dünýä medeniýeti we däp-dessurlary” atly okuw seminary geçirildi.
Bu okuw seminaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty boýunça saýlanan meýletinçiler, wagyzçy mugallymlar we talyplar işjeň gatnaşdylar. Meýletinçiler diňe bir ata Watanymyzyň taryhyny, däp-dessuryny, medeniýetini, sungatyny, milli baýramçylyklarymyzy daşary ýurt dillerinde öwrenmek bilen çäklenmän, dünýä ýurtlarynyň medeniýetini we däp-dessurlaryny hem öwrenýärler. Bu bolsa, ýurdumyza geljek daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmeklige ýardam eder. Okuw seminarynda doganlyk ýurtlaryň medeniýetiň meňzeşligi we aýratynlyklary barada giňişleýin beýan edildi. “Milli däbim – dünýä sebedim”, “Dünýä medeniýeti – dost-doganlyk mertebesi” ýaly temalardaky çykyşlar çuň mana eýe boldy.
Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy