Netijeli önümçilik sapagy geçirildi

2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyrylyş fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary institutyň täze okuw binasynyň gurluşyk meýdançasyna önümçilik sapagynda boldylar. Önümçilik sapagyň dowamynda talyplar gurulýan binalarda gurluşygyň gidişi, aýratynlygy bilen tanyşmana giň mümkinçilik aldylar, ýagny dürli hojalyk ýagdaýlary bilen baglanyşykly tehniki-ykdysady hasaplamalary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän ykdysady maglumatlary; gurluşykda we taslamalarda täze guramaçylyk-tehnologik hem-de inženerçilik çözgütleriniň amala aşmagynyň ykdysady netijeliligini esaslandyrmasyny,  ykdysady ýagdaýy dogry bahalandyrmagy we gurluşyk hyzmatlary bazarynda mümkin bolan üýtgeşmeleri çaklap bilmegi; gurluşyk materiallaryň, gurluşyk we tehnologik enjamlaryň üpjünçiligi, taslama-gözleg, ylmy-barlag, gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin sargyt almak maksady bilen, söwdalara gatnaşmagyň maksada laýyklygyny bahalandyrmak üçin zerur bolan işewürlik-meýilnama,  bäsleşik esasynda tender we beýleki maliýe-ykdysady resminamalary işläp düzmek boýunça usullar barada takyk düşünjäni emele getirmegi.

Talyplar  islendik inženerçilik, hojalyk ýa-da guramaçylyk çözüwiniň, ilkinji nobatda, onuň ykdysady maksada laýyklylyk gözýetimi taýdan seredilýändigini öwrendiler. Döwrebap şertlerde esasan hem – telekeçilik we işewürlik dünýäsinde çalt uýgunlaşmaga olara mümkinçilik berýän ykdysady bilimleri öwrendirler, özbaşdak işlemäni, soňra bolsa öz bilimlerini ulanmak bilen, ýaşaýyşyň hakyky şertlerine düşündiler.

Binalaryň gurluşygy üçin gurluşyk tehnikalaryň, enjamlaryň, gurluşyk kärhanalaryň gatnaşyjylarynyň we iş toparlarynyň ýygy-ýygydan täze ýere geçirilmegi, gurluşyk kärhanalaryň işjeňlik netijeliliginiň peselmegine getirýän goşmaça wagt, maliýe, maddy çykdajylar häsiýetlidir. Gurluşykda gurluşyk materiallary senagat önümleriniň 50%-i, metaldan ýasalan önümleriň 18%-ne golaýy, agaç materiallarynyň 40%-i, maşyngurluşyk senagat önümleriniň 10%-den gowragy ulanylýar. Gurluşyk tejribe taýdan senagatyň ähli pudaklaryna hyzmat edýär.

Talyplar nazaryýetde alan binýatlaýyn bilimlerini institutyň täze binasynyň gurluşyk meýdançasynda öňat ýagdaýda özleşdirdiler.