“ICT START- UP: Durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” taslama bäsleşigi

          Hormatly Prezidentimiziň yadawsyz aladalary netijesinde   türkmen ýaşlarynyň dünýä ülnülerine laýyk ylym-bilim almaklaryna, ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredilýär. Ýaşlaryň arasynda  “ICT START- UP: Durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalar boýunça Mary şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet  energetika inistitutynda 2025-nji ýylyň 18-19-njy aprelinde bäsleşik geçirildi.

Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinden hem-de umumybilim berýän orta mekdeplerinden ýaşlar gatnaşdylar. Bäsleşik 7 sany ugur boýunça geçirildi. Bu  basleşige dürli ugurlar boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk inistitutynyň talyp ýaşlary hem gatnaşdy. Olardan Ataýew Muhammet, Emirow Söýünaly, Bäşimow Şanazar, Kakaýew Kakajan gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplary  Organiki däl maddalaryň himiki hetnologiýasy hünäriniň  2-nji ýyl talyby Kakaýew Kakajan “Akylly oba-hojalyk tehnologiýalary” ugry boýunça I-orna, ylmy yolbaşçysy “Umumy himiýa” kafedrasynyň uly mugallymy O.Saryýewa, şol fakultetiň   Himiýa önümçiliginiň, gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we enjamlary hünäriniň 3-nji ýyl talyby Bäşimow Şanazar “Akylly şäher” ugry boýunça III-orna, ylmy yolbaşçysy “Senagat ekologiýa” kafedrasynyň uly mugallymy B.Ataýewa mynasyp bolup ýaşalaryň arasynda uly abraýa eýe boldular.