2026-njy ýylyň mart aýynyň 02-sine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary Enegül Begliýewa, Beghan Annasähedow, Nabat Garryýewa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda “Ylym we diller: Global ylmy sepgitlere we innowasiýalara ýetmegiň binýady.” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.
Häzirki wagtda bilim ulgamyny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmak üçin, dilleri özleşdirmek zerurdyr. Ylmy-barlag işlerine höwesli talyplar üçin daşary ýurt dillerini özleşdirmegiň ähmiýeti uludyr. Sebäbi global ylym giňişliginde iň täze maglumatlara elýeterligi gazanmak we ylmy işleriň hilini kämilleşdirmek göniden-göni dil ukyplaryna baglydyr. Dil bilmek bolsa, şol çeşmelere elýeterligi gazanmaga we ylyma has çuňlaşmaga ýardam berýär.
Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.