2025-nji ýylyň 24-njy aprelinde Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollaryň gurluşygy” kafedrasynyň mugallymlarynyň we “Awtomobil ýollaryň we uçuş meýdançalaryň gurluşygy” hünäriniň 4-nji ýyllyk talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan Aşgabat şäheriniň Parahat 7/5ýaşaýyş toplumda ýerleşýän 960 orunlyk 135-nji orta mekdebiň gurluşyk meydançasynda göçme okuw sapagyny geçirdi. “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan gurulýan mekdebiň gurluşygy barada jikme-jik gürrüň berildi. Ilki bilen göçme okuw sapagyna gatnaşýanlaryň ählisi tehniki howpsuzlygyň düzgünleri bilen tanyşdyryldy. Kärhananyň hünärmenleriň tarapyndan talyp ýaşlara gurluşyk döwründe ýerine ýetirilýän geodezik işleriň taslamasy barada, ýer tekizleme işleri, taslamany hakyky ýere geçirmek we bu işleri ýerine ýetirmek üçin ulanylýan häzirki zaman enjamlary barada gürrüň berdiler. Göçme okuw sapagy gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.