Maslahat 2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher hem-de Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň kiçi mejlisler jaýynda sagat 10:00-da geçirildi.
“Parahatçylygyň we ynanyşmagynyň dabaralanýan döwri” atly maslahatda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymy Güljahan Ballyýewa “Gurluşyk pudagy-ýurdyň geljegidir” ady bilen çykyş etdi.
Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, tehnikanyň we önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde hem-de paýtagtymyzda giň möçberde amala aşyrylýan gurluşyk işleri Türkmenistanyň halk hojalyk toplumlarynyň, gurluşyk pudaklarynyň, bu babatda ylmy-tehniki dolandyryşyň okgunly ösmegini üpjün edýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň permanyna laýyklykda 2012-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň döredilmegidir.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň esasy wezipesi ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda institutda 8 fakultet we 28 kafedra hereket edýär we 4000-den gowrak talyp 10 sany taýýarlygyň ugry we 34 sany hünär boýunça döwrüň talabyna laýyklykda bilim alýarlar.