“Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda”

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak maksady bilen, Halkara Nowruz baýramyna bagyşlap, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň we “Diller” kafedrasynyň gurnamagynda “Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” atly okuw seminaryny geçirildi. 


TDBGI


Bu okuw seminaryda cykyş eden mugallymlar we meýletinçi talyplar Türkmen halkynyň Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler. Halkara Nowruz gününiň däpleri halkymyzyň taryhyny, edebi mirasyny, ruhy-gözellik dünýäsini öwrenmekde gymmatly hazynadygyny bellediler. Merkezi Aziýa ýurtlarynda Nowruz baýramynyň bellenişiniň meňzeşlikleri baradaky çykyş has-da täsirli boldy. Meýletinçi talyplaryň Nowruz baýramy barada daşry ýurt dillerinde çykyş edip, bu baýramçylyk bilen bagly okan şygyrlary çärä gatnaşan meýletinçilerde uly täsir galdyrdy.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Kümüş Allabaýewa
Meýletinçiler merkeziniň başlygy