Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutyň Rektory B.M.Mämmedowyň “Ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak” atly makalasy neşir edildi

Her ýyl ýurdumyzda döwlet ösüşiniň dürli ugurlary, şol sanda bilim ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň depginleri barha ýokarlanýar. Bilim ulgamy öz köpugurly işiniň çäklerinde öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge hem-de milli ylym-bilim giňişligine häzirki zaman innowasiýalaryny yzygiderli ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Dünýäniň öňdebaryjy ylmy-bilim merkezleri bilen degişli resminamalaryň gol çekilmegi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýagşy däbine öwrüldi. Bu resminamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we hünär başarnyklaryny artdyrmaga, şeýle hem milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary üçin ýokary hünärli gelejekki işgärleri taýýarlaýan studentleriň bilim binýadyny baýlaşdyrmaga gönükdirilen maksatlaýyn çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar.


Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görebilersiňiz.