Işgärler we ýörite bölümi
Işgärler we ýörite bölüm institutyň özbaşdak gurluş bölümidir. Bölüm Alymlar geňeşiniň çözgüdi boýunça institutyň rektorynyň buýrugy bilen döredilýär we ýatyrylýar. Bölüm gönüden-göni institutyň rektorynyň garamagyndadyr.
Bölüme bölüm başlygy ýolbaşçylyk edýär we ol institutyň rektorynyň buýrugy bilen wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
Işgärler we ýörite bölüminiň maksady – institutyň meselelerine we ugurlaryna laýyklykda talap edilýän hünärlere we kärlere eýe bolan işgärler bilen üpjün etmek, işgärler syýasatyny işläp düzmek, zähmet kanunçylygyna laýyklykda işgärleriň hukuklaryny, ýeňilliklerini we kepilliklerini berjaý etmek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda iş dolandyrylyşyny alyp barmakdyr.
Işgärler we ýörite bölüminiň işiniň esasy ugurlary Işgärler we ýörite bölüminiň başlygy bölüme umumy ýolbaşçylyk edýär, işgärleri saýlamagy we işe ýerleşdirmegi amala aşyrýar, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, iş meýilnamalaryny we edaranyň işgärleriniň işleri bilen baglanyşykly beýleki resminamalary taýýarlaýar we olaryň durmuşa geçirilmegini gurnaýar.
Alyp barýan işleriniň ugurlary:
- - işgärleri saýlamak, hasaba almak, işe ýerleşdirmek we terbiýelemek;
- - amaly işleriniň barşynda işgärleriň iş we ahlak häsiýetlerini öwrenmek;
- - ýolbaşçy wezipelere teklip etmek üçin, hünärmen ätiýaçlygyny döretmek;
- - işlenip düzülen programma boýunça kompýutere girizmek bilen işgärleriň hasabyny ýöretmek;
- - zähmet kanunçylygyna laýyklykda hünärmenler bilen we işgärleriň kepilliklerini üpjün etmek;
- - hasabatlary taýýarlamak we olary talap edilýän ýerlerine bermek;
- - işgärler köpçüliginiň arasynda gowy aragatnaşygy ýola goýmak;
- - işgärler bilen işlemek boýunça esasy çäreleriň meýilnamalaryny işläp düzmek;
- - işgärleriň işini üpjün edýän dürli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak;
Işgärler we ýörite bölüminiň esasy funksiýalary:
- - hünärmenler bilen üpjün etmek;
- - hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak;
- - zähmet hukuk gatnaşyklaryny hasaba almak;
- - zähmet hakynyň tölenmegini guramak;
- - topardaky sosial dartgynlygy kesgitlemek we ony aradan aýyrmak;
- - işgärleriň öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen gatnaşyklaryny ösdürmek;
- - iş şertlerini durnuklaşdyrmak we howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek boýunça işleri utgaşdyrmak;
- - institutyň her bölümini ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek.
Ýerine ýetirilýän işiň häsiýeti boýunça:
- - iş dolandyryjylyk funksiýalary (şahsy düzüm boýunça buýruklary taýýarlamak, işgärleriň tabel hasabatyny we beýleki funksiýalary ýöretmek);
- - dolandyryş işleri (işi guramakda we zähmet hakyny tölemekde esasy kanunçylyk düzgünlerini kabul etmek, köpçülikleýin şertnamalary baglaşmak);
- - iş bilen üpjün etmek (işe kabul etmek, iş ýerleri bilen tanyşdyrmak, bir işden başga işe geçirmek);
- - işgärleri ösdürmegiň funksiýalary (hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünärini bahalandyrmak, işgärleriň karýerasyny dolandyrmak).
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744025, Aşgabat ş., Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy, “B” bina, 3-nji gat, otag Işgärler we ýörite bölüm. Tel: (+99312) 28-18-08 Faks: (+99312) 28-18-01