Okuw bölümi
Okuw bölüminiň işiniň esasy ugurlary
Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk institutynyň (TDBGI) okuw bölümi üznüksiz okuw prosesini guramak we onuň kämmilleşmegi üçin şertleri üpjün etmek maksady bilen döredildi. Okuw bölümi, okuw prosesini guramak, okuw okatmak, mugallymlary, hünärmenleri taýýarlamak we işgärleri gaýtadan taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmegiň merkezidir.
Bölümiň wezipeleri:
- - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzgünlerine laýyklykda we institutyň işini göz öňünde tutup, okuw prosesini guramak we meýilleşdirmek boýunça konseptual meseleleri işläp düzmek;
- - institutda kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzmek, okuw prosesini meýilleşdirmek, guramak we gözegçilik etmek boýunça buýruklary we görkezmeleri işläp düzmek;
- - institutyň bilim işleriniň netijelerini ýygnamak we seljermek;
- - okuw prosesini guramagyň meseleleri boýunça ýygnaklary we seminarlary geçirmek;
- - okuw prosesiniň tertipleri düzülende fakultetleriň, bölümleriň we beýleki gurluş düzümleriniň işini utgaşdyrmak.
Bölümiň ygtyýarlyklary we funksiýalary:
- - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň düzgünlerine laýyklykda we TDBGI-iň iş şertlerini göz öňünde tutup, okuw prosesiniň ýyllyk meýilnamasyny düzýär;
- - okuw prosesiniň grafigini, okuw sapaklarynyň, aralyk jemlemeleriniň, hasap-synaglarynyň tertiplerini düzýär;
- - okuw prosesini amala aşyrmagyň şertleriniň üýtgemegine tiz üns berýär;
- - okuwlaryň tertibiniň we okuw dersleriniň prosesiniň, aralyk jemlemeleriň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
- - döwlet synag toparynyň (DST) işini resmi taýdan taýýarlaýar we üpjün edýär;
- - kafedralarda okuw ýüküniň göwrümini hasaplamagyň dogrulygyna gözegçilik edýär;
- - okuw otaglarynyň hasabatyny ýöredýär we olaryň okuwa taýýarlygyny barlamaga gatnaşýar;
- - ugtaşdyryjy mugallymlaryň işe kabul edilmegini we olaryň zähmet haklarynyň tölenmegini üpjün edýär;
- - okuw prosesini operatiw dolandyrmak üçin kompýuter serişdelerini ulanýar;
- - okuw meseleleri baradaky hatlara jogap berýär we güwänamalary düzýär;
- - okuw bölüminiň işini alyp barýar;
- - resminamalary ýöredýär;
- - mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri meýilleşdirýär we resminamalary alyp barýar;
- - talyplaryň okuw, önümçilik we diplomyň öň ýanyndaky tejribeliklerini gurnamak we geçirmek boýunça fakultetleriň we kafedralaryň işini utgaşdyrýar;
- - Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, rektoryň buýruklarynyň we okuw işleri boýunça prorektoryň görkezmeleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744025, Aşgabat ş., Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy, “B” bina, 3-nji gat, otag Okuw bölümi. Tel: (+99312) 28-15-05 Faks: (+99312) 28-18-01