Ylym bölümi
Ylmy bölüminiň şiniň esasy ugurlary:
- - Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) esasy ylmy ugurlarynyň çäginde ylmy-barlag we ylmy-innowasion işlerini geçirmek üçin TDBGI-niň Alymlar geňeşi tarapyndan tassyklanan, institutyň ylmy potensialyndan netijeli peýdalanmak;
- - TDBGI-niň işgärleriniň we talyplarynyň ylmy-barlag we ylmy-taslama işleri, şeýle hem ylmy-pedagogiki işgärleri taýýarlamak, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda alnyp barylýar;
- - bilimiň, ylymyň, önümçiligiň integrasion proseslerini güýçlendirmek, ylym-bilim we innowasion işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdepleri, ylmy, taslama-konstruktorçylyk edaralary, kärhanalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ylmy we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek;
- - Türkmenistanyň ylmy-tehniki, innowasion syýasatyny işläp düzmekde ylmy, ylmy-tehniki we amaly meseleleri çözmekde we durmuşa geçirmekde TDBGI-niň işjeň gatnaşmagyny ýokarlandyrmak;
- - ýokary tehnologiýaly önümleriň dünýä bazaryna girmeginiň usuly hökmünde TDBGI-niň ylmy-barlag we gözleg işleri bilen meşgullanýan toparlarynyň intellektual eýeçiligini, ylmy işgärleriň we işläp düzüjileriň awtorlyk hukuklaryny goramak üçin şertler döretmek;
- - talyplaryň ylmy-barlag we ylmy-taslama işlerini goldamak we ösdürmek, ylmy işleriň netijelerini we TDBGI-niň ylmy-tehniki binýadyny okuw prosesinde ulanmak.
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: 744025, Aşgabat ş., Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy, “B” bina, 3-nji gat, otag Ylym bölümi. Tel: (+99312) 28-18-07 Faks: (+99312) 28-18-01