Aspirantura bölümi
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ylmy-pedagogiki we ylmy işgärleri taýýarlamak, institutyň aspiranturasynyň we doktoranturasynyň üsti bilen amala aşyrylýar.
2008-nji ýylyň 1-nji aprelinde öňki Türkmen politehniki institutynda Aspirantura bölümi döredilip, degişli hünärler boýunça aspirantura we doktorantura açylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 25-nji maýyndaky PP6080-nji “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny döretmek hakynda” Permanyna hem-de 12328-nji “Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň meseleleri hakynda” Kararyna laýyklykda, Türkmen politehniki instituty ýapylyp, onuň binýadynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty döredilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň 2012-nji ýylyň 25-nji iýunyndaky 48 belgili buýrugy esasynda öňki Türkmen politehniki institutynyň aspiranturasy we doktoranturasy 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyndan ýatyrylýar we täze döredilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Aspirantura bölümi döredilip, aspirantura we doktorantura açylýar.
Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň aspirantura bölümi ylmyň ileri tutulýan ugurlarynyň esasynda ylmy-pedagogiki we ylmy işgärlerine bolan zerurlygy kesgitlemek boýunça işi guraýar, aspirantlary hünärler boýunça kabul etmegiň meýilnamalaryny, aspirantura giriş synaglarynyň we kandidatlyk synaglarynyň geçirilmeginiň we tabşyrylmagynyň tertibini işläp düzmek boýunça iş alyp barýar. Kabul ediş we synag toparlarynyň netijeli işlemegini üpjün edýär.
Şeýle hem aspirantura bölümi aspirantlaryň we doktorantlaryň hususy okuw meýilnamalarynyň düzülişine we ýerine ýetirilişine, alyp barýan ylmy-barlag we gözleg işleri baradaky hasabatlaryň ýöredilişine gözegçilik edýär, ylmy işgärleri taýýarlamak meselesine degişli zerur bolan maglumatlaryň institutynyň Alymlar geňeşinde we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ara alyp maslahatlaşylmagyny guranaýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda aşakda görkezilen hünärler boýunça aspirantura we doktorantura hereket edýär: