Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Umumy himiýa” kafedrasynyň gurnamagynda “Garaşsyzlyk we himiýa senagaty” atly usuly amaly maslahaty geçirdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynawe Türkmen döwletbinagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagynabagyşlanyp, “Umumy himiýa” kafedrasyň gurnamagynda we  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde   onlaýn  maslahaty geçirildi. Maslahatda “Umumy himiýa” kafedrasynyň uly mugallymy Abdylowa Sähergül   “Ýaşyl” gurluşygyň ajaýyp nusgasy tema bilen çykyş edip, häzirki wagtda ýurdumyzda we Arkadag şäherinde alnyp barylýan gurluşyklar barada aýdyp geçdi.  

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan aýratyn ähmiýet berilýän meseleleriň ýene-de biri ýurdumyzda hereket edýän önümçiliklerde daşyndan getirilýän serişdeler däl-de, ýerli çig mallary galyndysyz we ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmeklikdir. Munuň özi tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak bilen bagly bolup, olary hemme taraplaýyn ulanylmagyny üpjün etmäge degişlidir. “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy”hünäriniň 3-nji ýyl talyby Kakaýew Kakajan  “Tehnogen galyndylaryndan gurluşyk we oba hojalyk önümlerini almagyň innowasion usuly”  ylmy tema bilen çykyş etdi.

Işiň wajyplygy:  Häzirki wagytda ýurdumyzda ýerli çig mallaryň esasynda öndürilýän önümleriň gapdal önümlerinden ýokary hilli gurluşyk materiallary we mineral döküni almagyň usulynyň fiziki-himiki kanunalaýyklyklary kesgitlemek, täze tehnologiýasyny işläp düzmek bolup durýar.  Bu maslahatda edilen çykyşlar  Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde zähmet çekýän professor-mugallymlarynda we talyp ýaşlarynynda uly täsir galdyrdy.