Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly Milli goşunymyzyň goranyş kuwwatyny berkitmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýaragly Güýçleriň maddy-tehniki binýady gün saýyn berkidilýär.

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzda binagärlik we gurluşyk babatynda täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Gurulýan binalaryň we desgalaryň uzak ömürli hyzmat etmegini, ilatyň ýüze çykyp biläýjek tebigy we tehnogen hadysalara garşy dessin goragyny üpjün etmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Şol bir wagtda ýurdumyzda bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak işi üstünlikli amala aşyrylýar.

Şundan ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda açylan Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi tarapyndan guralan toplumlaýyn tälim okuwlaryna gatnaşdylar. Harby talyplar «Tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň ýetirip biljek zyýanyny peseltmek boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň bilelikdäki hereketlerini ýola goýmak» atly toplumlaýyn tälim beriş türgenleşigine gatnaşyp, umumydöwlet çäresiniň esasy wezipelerini çuňňur özleşdirdiler.

Toplumlaýyn türgenleşige gatnaşýan harby talyplar mysaly ýüze çykan hadysa esasynda raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň aragatnaşyk we habar beriş gullugynyň üsti bilen degişli häkimliklere, raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklaryna, beýleki degişli edaralara we kärhanalaryna habar bermekligiň, wezipeli şahslar tarapyndan adatdan daşary ýagdaýlaryň dolandyryş merkezini döretmegiň, raýat goranyşynyň işini ýaýbaňlandyrmagyň we şol bir wagtyň özünde himiýa howply edara-kärhanalarda aňtaw işleri ýola goýmagyň düzgünlerini we tertibini tejribede öwrendiler.
Toplumlaýyn tälim beriş türgenleşigiň dowamynda ilatly nokatlaryň çäginde ýerleşýän seýsmiki taýdan durnuksyz bolan käbir ýaşaýyş jaýlarydyr, edara-binalaryna zeper ýetmegi netijesinde ejir çeken ilata halas ediş işleriniň geçirilmegi bilen bilelikde saglygy goraýyş edaralary tarapyndan ejir çekenler derejelendirilip, ilkinji lukmançylyk kömegi berilýär, guramaçylykly göçüriş topary tarapyndan ýüze çykan ýagdaýy göz öňünde tutup, ilaty göçürmeklik üçin gyssagly ýagdaýda polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoulaglarynda bar bolan ses güýçlendirijileriň kömegi bilen guramaçylykly ýygnanyş göçüriş nokatlaryna barmaklary barada habar berilýär.
Guramaçylykly ýygnanyş göçüriş nokatlary gyssagly ýagdaýda taýýarlyga getirilip, ilat ýygnanyş nokadynda hasaba alynýar we guramaçylykly ýagdaýda howpsuz zolakda wagtlaýyn guralan çadyrlar şäherçesine göçürilip ýerleşdirilýär hem-de ilkinji ýaşaýyş durmuş şertleri ýola goýulýar. Bu geçirilen toplumlaýyn tälim beriş türgenleşikleri sözüň doly manysynda harby talyplaryň nazarýetde öwrenen bilimlerini, tejribede amala aşyrmaga mümkinçilik döretdi.
Polkownik Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary