Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünliklerimiz bilen barýarys.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen şöhratly geljege tarap öňe barýan Garaşsyz Türkmenistan bu gün ata-babalarymyzyň arzuw-yhlaslary siňen garaşsyz döwletde asuda asmanyň astynda, parahat durmuşda ýaşaýar. Bu gün halkymyzyň erkanalyk, garaşsyzlyk duýgulary Watan ykbaly bilen sazlaşyp, bagtyýar geljege röwşen nuruny saçýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmeniň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna öwrülip, jümle-jahana ýaň salýar. Bagtyýar milletiň ykbaly hem-de kalby bolup gülleýän Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazasy bu gün dünýä dolýar. Şol mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hem-de ýokary, orta hünär mekdepleri bilen online gepleşik gurnaldy.