IT ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI

2026-njy ýylyň 27-njy martynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna we Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylmagyna bagyşlanyp Zoom platformasynda geçirilmeli onlaýn semenarlaryň meýilnamasyna laýyklykda Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy Jennet Çoşurowa “IT ulgamynyň ösüşi” atly ylmy amaly maslahaty onlaýn görnüşinde geçirildi.

Bu ylmy amaly maksady IT ulgamynyň täze taryhy döwürde ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, sanly tehnologiýalaryň hem-de innowasion usullaryň giň gerimde ornaşdyrylmagy ylym, bilim, ykdysadyýet, oba hojalyk, saglygy goraýyşy, medeniýet we senagat pudaklarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.

IT (Informasion Teknologiýalar) ulgamynyň ösüşi häzirki zaman jemgyýetinde möhüm orun tutýar. IT ulgamynyň ösüşi dürli tapgyrlary öz içine alýar, bu ösüş tehnologiýalaryň yzygiderli täzelenmegi, programma üpjünçiliginiň we tehniki enjamlar arkaly maglumatlary işlemegiň hiliniň ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

IT ulgamynyň bilimde orny: Online bilim platformalary we bilimde täze tehnologiýalaryň ulanylmagy häzirki döwürde ähli ugurlarda uly ösüş gazanýar. Şu günki günde, sanly tehnologiýalar bilim ulgamynda möhüm rol oýnaýar.

IT ulgamynyň ykdysadyýetde orny: IT ulgamynyň ykdysadyýetdäki ösüşi, häzirki döwürde iň möhüm we güýçli mümkinçilikleri hödürleýän ugurlaryň biri bolup durýar. Dünýäde we milli bazarlarda IT (informasiýa tehnologiýalary) ulgamlarynyň ykdysady ýoldaşlygy has möhüm orna eýe bolýar.

IT ulgamynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky orny: soňky onýyllyklarda has möhüm we täsirli boldy. Sanly tehnologiýalar, saglygy goraýyş hyzmatlaryny çalt we netijeli etmek, has ýokary hilli hyzmatlary üpjün etmek we saglyk maglumatlaryny dolandyrmak üçin uly mümkinçilikler döredýär.