“Türkmeniň bereketli saçagy”

2026 – nji ýylyň mart aýynyň 27 – ne Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 3 – nji umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyp gyzlaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp tagam taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Türkmen milli naharlary halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabynda aşpezçilik sungatynyň inçe syrlary barada gürrüň berýärilýändigi şaýatlyk edýär. Mundan başga-da, türkmeniň asyrlardan sünnälenip gelýän däp-dessurlaryny, milli gözelliklerini saçagy bezemegiň üsti bilen beýan etdiler. Bäsleşikde diňe taýýaralanan tagamlara baha berilmän, eýsem, saçagyň bezelşiniň aýratynlyklaryna hem uly üns berdiler. Çekelikde geçen bäsleşikde 1, 2, 3 – nji aşhanalar I orna, 5, 9, 8 - nji aşhanalar II orna, 4, 7, 6, 10 – nji aşhanalar III orna mynasyp boldylar we institutyň gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň

ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Arzygül Annagulyýewa