Ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň ösüşi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gurnamagynda 2026-njy ýylyň 03-nji martynda Tatarystan Respublikasanyň Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň Inženerçilik ekologiýasy kafedrasynyň dosenti Drýahlow Wladislaw Olegowiç hem-de şol kafedranyň aspiranty Ramilýa Saýfutdinowa Damirowna bilen webinar maslahaty geçirildi. Webinar maslahaty “Suw serişdelerini tygşytly ulanmagyň ekologik ähmiýeti” tema boýunça geçirildi.


TDBGI


Maslahatda “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Şamuhammet Saryýew “Türkmenistanyň suw üpjünçiliginde ýerli sorbentleri ulanmagyň mümkinçilikleri” temasy boýunça çykyş etdi. Çykyşda ýerli çig mal bolan bentonidiň ekologiýa taýdan arassa suw arassalaýjy sorbent bolup durýandygy barada gürrüň berdi. Maslahatyň dowamynda ekologiýa we şor suwlar bilen bagly ählumumy meseleler babatda dünýä tejribesini öwrenmek esasynda ýerli sorbentleri ulanmak arkaly suwlary arassalamak boýunça maglumatlar barada pikirler aýdyldy.

Maslahatyň ahyrynda Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň aspiranty Ramilýa Saýfutdinowa Damirowna hem çykyş etdi. Aspirant öz çykyşynda alyp barýan ylmy işiniň ekologik hem-de ykdysady ähmiýeti barada gürrüň berdi. Webinar maslahatyň ahyrynda özara sorag-jogap alyşyldy. 


TDBGI