Türkmenistanyň Döwlet muzeýine gezelenç

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk  institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň halypa mugallymlary hem-de höwesjeň talyp ýaşlary bilelikde, Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň “Tebigat we etnografiýa” bölümine gezelenç guradylar. 


TDBGI


Talyplarymyz Türkmenistanyň Döwlet muzeýiniň “Tebigat we etnografiýa” bölüminde ýurdymyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, geologik aýratynlyklary hem-de tebigy baýlyklary bilen ýakyndan tanyş boldular. Bu ýerde talyplara tebigy materiallaryň gurluşy, ýerasty baýlyklaryň ýerleşiş aýratynlyklary, binagärlikde we gurluşykda olaryň peýdalanylyşy barada degerli maslahatlar gürrüň berildi.   


TDBGI