Ýol gurluşygy fakultetinde 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol guluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli  ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi M.Kakabaýewa “Kartalary çapa taýýarlamak” atly tema boýunça çykyş edip, geografiki we topografiki kartalary, olaryň görnüşleri, kartalaryň düzüm bölekleri, kartalar düzülende olaryň düzüliş tertibi barada düşünje, kartografik işlerini ýerine ýetirmekligi, kartografiýa barlaglarynda ulanylýan kartalary redaktirlemegi usullaryny, mundan başgada elektron, sanly, kompýuter kartalaryny düzmegiň täze tehnologiýalary barada talyplaryň dykgatyna ýetirdi.

Geçirilýän wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri häzirki wagtda Garaşsyz Bitarap Türkmenistandan döwletimizde talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklygy gazanylýar. Şonuň netijesinde talyp ýaşlarymyzyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede taslamalaryny ýerine ýetirmeklerini gazanmaklygy ýola goýmaklyk üçin şular ýaly ylmy – amaly maslahaty bilen öňki bar bolan maglumatlaryň üsti doldurylyp durulýar.