Watançylygyň we ylmyň sesi: Institutymyzyň mugallymlary «Esger» gazetiniň sahypalarynda.

«Esger» gazetiniň 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwaryndaky nobatdaky sanynda №4 Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň makalalary çap edildi. Bu çykyşlar biziň ýokary okuw mekdebimiziň bilimli we watansöýüji ýaşlary terbiýelemek işindäki işjeň ornuny, şeýle hem «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda alnyp barylýan döwlet syýasatyny goldaýandygyny aýdyň şöhlelendirýär.

Makalalaryň awtorlary:

Döwletýar Allowow, Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy, uly leýtenant. Onuň «BILIMLI ÝAŞLAR – WATANYŇ DAÝANJY» atly makalasynda harby talyplaryň döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri, olaryň ýokary taýýarlyk derejesi we harby kasama wepalylygy barada gürrüň edilýär.

Gülzira Narbaýewa, institutymyzyň mugallymy. Onuň «ÖSÜŞIŇ BELENT SEPGITLERI» atly makalasy 2026-njy ýylyň belent maksatlaryna, milli bilim ulgamynyň üstünliklerine we Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ýaşlaryň tutýan ornuna bagyşlanandyr.

Sizi gazetiň sahypalarynda kärdeşlerimiziň institutymyzyň gazananlary we ýurdumyzyň ösüşiniň geljegi barada buýsanç bilen gürrüň berýän makalalarynyň doly teksti bilen tanyşmaga çagyrýarys.


Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görüp bilersiňiz.