Hormatly mugallymlar, talyplar we kärdeşler!
Siziň dykgatyňyza institutymyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Baba Myratberdiýewiň «Mugallymlar gazeti» gazetiniň 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryndaky 6-njy sanynda çap edilen makalasyny hödürleýäris.
Awtor özüniň «Bedew batly ösüşler» atly makalasynda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýolbaşçylarynyň paýhasly syýasaty netijesinde gazanylýan üstünlikler barada giňişleýin durup geçýär. Makalada eziz Watanymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ylym-bilim edaralarynyň — çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanylmaga berilýändigi, şeýle hem raýatlarymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler bellenilýär.
Sizi eziz Watanymyzyň bähbidine täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýan bu makalany doly okamaga çagyrýarys.