“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylyna bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy barada

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Aşgabat” we “Nesil” gazetleriniň redaksiýalary bilen bilelikde gurnamagynda 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylyna bagyşlanyp, institutyň uly mejlisler zalynda  wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary hem-de “Aşgabat” we “Nesil” gazetleriniň redaksiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary esasynda eziz Watanymyzyň bedew batly özgerişleri, şowly üstünlikleri hem-de 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagyny giňişleýin beýan etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, talyp ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.