Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan dekabr aýynda institutyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ine Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kurbangözel Akmyradowa, mugallym-öwrenijileri Merjen Ýaýlymowa we Maýsa Geldiýewa tarapyndan Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň iş mümkinçiliklerine täsiriatly, dekabr aýynyň 22-sine “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Gülşat Atamyradowa, Sähet Kuliýew, mugallym-öwrenijisi Selbi Gulmadowa tarapyndan Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň medeni diplomatiýadaky orny” atly, şeýle hem,  dekabr aýynyň 29-yna “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy  Kümüş Allabaýewa, mugallym-öwrenijileri Näzli Begjanowa, Maýsa Geldiýewa  tarapyndan  Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň orny” atly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.

Mugallymlar daşary ýurt dillerini öwrenmegiň talyplar üçin hünär taýdan kämilleşmäge we dünýägaraýşy giňeltmäge mümkinçilik berýändigini, medeni dialogyň bolsa global parahatçylygy üpjün etmegiň özeni bolup durýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, sanly tehnologiýalary ulanmagyň talyplaryň halkara bilim standartlaryna has çalt ýetmeklerine mümkinçilik berjekdigini jemleýji pikir hökmünde öňe sürdüler.

Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.