“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlerine ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi bilen obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylyp giň gerimli işler alynyp barylýar.
2025-nji ýylyň 26-njy martynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy A.Ilmyradowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde göçme okuw tejribeligini geçdiler.
Bu muzeýde 18-nji asyryň ahyry we 19-njy asyryň başlaryndaky rus surat keşbine bagyşlanan sergi açyldy. Bu sergide meşhur rus suratkeşleriniň we mundan başga-da näbelli awtorlaryň eserleri görkezildi. Bu suratkeşleriniň ählisi milli surat keşbiniň ösmegine esas döredipdirler. Bu açylan sergide Ýewropa bilen meňzeşliklerini we özboluşlylygyny göz öňünde tutýar. Bu sergi rus surat sungatynyň nädip dörändigini görmek isleýän islendik tomaşaçy üçin hem, özüniň gözelligi we taryhy gymmatlygy bilen täsirlidir. 18-19-njy asyrlardaky surat sergisi diňe sungat taryhyna syýahat däl, eýsem ýaş binagärler üçin hem ylham çeşmesidir. Klassisizm we Romantizm döwri binagärlik bilen hem berk baglanşyklydyr, şoňa görä simmetriýa, gabat gelme we milli şahsyýeti gözlemek ýaly usullaryň inçe tilsimlerini talyplar synladylar.
Netijede, bu okuw önümçilik tejribesi talyplar üçin örän netijeli bolup, talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olara ýurdumyzyň binagärlik ulgamynda alynyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi hem-de talyp ýaşlar bu tejribeden uly täsirler alyp, özleriniň hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek mümkinçiliklerini gazandylar.