Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy M.Ýalkapowanyň we öwreniji-mugallymy G.Kulyýewanyň ýokary okuw mekdepleri üçin “Mikro, opto we nanoelektronikanyň tehnologiýasy” atly okuw kitaby çap edildi. Okuw kitabyn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan redaktirlendi.
Bu okuw kitaby üç bölümden ybaratdyr. Okuw kitabynyň birinji bölüminde mikro, opto we nanoelektronikada ulanylýan materiallary almagyň fiziki we himiki prosesleri, şol sanda himiki maddalary izolirlemek, birleşmeler görnüşinde arassalamak, ahyrky arassalamak, belli bir häsiýetli ýekeje kristal almak barada aýdylýar.
Ikinji bölümde ýönekeý ýarymgeçirijileriň tehnologiýasy, has takygy mikro, opto we nanoelektronikada ulanylýan germaniniň we kremniniň alnyş usullary we häsiýetleri barada beýan edilýär.
Üçünji, ýagny ýarymgeçiriji birleşmeleriň III we IV tehnologiýasy bölüminde ýarymgeçiriji birleşmeleriň tebigaty, häsiýetleri, baglanyşyk tehnologiýasynyň aýratynlyklary, islenýän häsiýetleri bolan birleşmeleriň monokristallaryny almak üçin tehnologiýa hem-de epitaksial gurluşlary almaklygyň tehnologiýasy diýen bölümçelere seredilýär.
Bu okuw kitaby elektronika we mikroelektronika ugrunda okaýan talyplar üçin, şeýle-de degişli ugurda işleýän hünärmenler üçin peýdalydyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölümi