BEDEW BILEN GAZANYLAN BEÝIK ÜSTÜNLIK

2026-njy ýylyň 22-nji martynda Aşgabat şäherindäki atçylyk sport toplumynda geçirilen At çapyşygynda 4-nji ýaryş aýratyn şowhunly we ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bu ýaryşda “Zyýada” atly bedew bilen çykyş eden çapaksuwar — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Yslamguly Allanazarow ýokary ussatlygyny, çalasynlygyny we başarnygyny görkezdi.


TDBGI


Ol ýaryşyň dowamynda ähli garşydaşlaryndan öňe geçip, mynasyp ýagdaýda 1-nji orny eýeledi. Bu uly üstünlik diňe bir talybyň däl, eýsem onuň bilim alýan ýokary okuw mekdebiniň hem buýsanjyna öwrüldi.


TDBGI


Ýeňiji bolan çapaksuwara Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatly sowgat — türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp nusgasy bolan el haly dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu bolsa ýaşlaryň gazanan üstünlikleriniň döwlet derejesinde ýokary bahalandyrylýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Bu waka ýaş nesliň sporta bolan höwesiniň artýandygyny, olaryň ýokary netijeleri gazanmaga ukyplydygyny aýdyň görkezýär.


TDBGI