Täze taslamalarda binagärlik we tehnologiýalar

2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Äşe Gubaýewa, mugallymlar Şirmuhammet Jepbarow, Meredaly Sähedowyň we “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň mugallymy Kömek Kömekowyň gatnaşmagynda, şeýle-de “Şahergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek” hünäriniň talyplary bilen bir hatarda, institutyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagy geçirildi.


TDBGI


Okuw sapagynyň dowamynda talyplar täze binalar toplumynda alynyp barylýan gurluşyk we elektrik işlerini gyzykly hem-de ünsli ýagdaýda synladylar. Şeýle hem, talyplar “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bilen gurluşyk meýdançasynda tejribe alyşdylar we amaly maslahatlary öwrendiler.


TDBGI


Tejribe okuwynyň esasy maksady talyplary häzirki zaman binagärlik çözgütleri, gurluşyk tehnologiýalary we iri möçberli binalar toplumynyň taslamalaşdyrylyşy bilen tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Mugallymlar talyplara täze binalar toplumynyň umumy taslamasy, onuň ýerleşiş aýratynlyklary we şähergurluşyk nukdaýnazaryndan ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berdiler. Hususan-da, binagärlik çözgütleriniň döwrebaplygy, milli binagärlik ýörelgeleri bilen sazlaşygy, daşky keşbiň estetikasy we gurluşyk materiallarynyň saýlanylyşy aýratyn üns bilen beýan edildi.

Tejribe okuwy talyplar üçin örän peýdaly bolup, olaryň binagärlik ugurlaryndaky amaly bilimlerini giňeltmäge hem-de gurluşyk pudagyndaky häzirki zaman ösüşler bilen tanyşmaga uly goşant goşdy.