Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli 2026-njy ýylyň 19-nji martynda geçirilen dabaraly sergi ýurdumyzyň ýaş hünärmenleri üçin täze döredijilik meýdançasyna öwrüldi.

Bu sergä Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Binagärlik” kafedrasynyň “Binagärlik gurşawynyň dizaýny” hünäriniň talyplary hem-de tejribeli professor-mugallymlary uly höwes bilen gatnaşdylar.

Serginiň dowamynda mugallymlar we talyplar ýurdumyzyň hususy pudagynda amala aşyrylýan döwrebap binalaryň taslamalary, gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşleri we dizaýn aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Institutymyzyň wekilleri sergide görkezilen innowasion taslamalar boýunça hünär tejribelerini alyşyp, geljekki dizaýner talyplar üçin täze ylham çeşmelerini tapdylar.
Şeýle çäreler talyplaryň okuwda alan nazary bilimlerini amalyýet bilen utgaşdyrmaklaryna we ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşine goşant goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär.