Kitap marafonynyň ýeňijileri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş alymlar geneşiniň gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň we magistrleriniň arasynda çeper eserleri okamak boýunça 2025-nji ýylyň 24-nji sentýabryndan 24-nji oktýabry aralygynda geçirilen ''Kitap marafonyna" Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan talyp ýaşlaryň jemi 33-i gatnaşdy. Kitap marafonynyň netijeleri sowalnamalaryň, diskussiýalaryň, tabşyryklaryň esasynda jemlenildi. 


TDBGI


Ýaşlaryň kitap okamak endiklerini ýokarlandyrmak, ozüňe bolan ynamy, ýady ösdürmek, pikirlenmegi we hyýaly düşünjeleri kamilleşdirmek, döredijilik ukybyňy artdyrmak, söz baýlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu bäsleşikde institutymyzdan jemi 8 sany talyplary bäsleşige işjeň gatnaşandygy üçin aýratyn tapawutlanyp Hormat hatlaryna mynasyp boldular. 


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ylym bölümi