“NOWRUZ GELDI ILIME” ATLY AÝDYM-SAZLY DABARASY GEÇIRILDI

Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan “Nowruz geldi ilime” atly aýdym-sazly dabarasy geçirildi.

Dabaraly çärede adamzadyň iň gadymy baýramy bolan Nowruz baýramynyň taryhy aýratynlygy, türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary, semeni bişirmek, ene-mamalarymyzyň talyp gelin-gyzlara el işleriniň sungatyny öwretmekleri, çeper elli halyçylaryň haly dokamaklary, dili senaly ýaşulylaryň  ýaş nesillere türkmençilik ýörelgelerini, watan gymmatlygy we hoşniýetli goňşuçylygyň ähmiýetini giňden düşündirmekleri, tebigatyň janlanmagyny alamatlandyrýan surat çekmek ýaly özboluşly däp-dessurlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen ýylynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” atly aýdym-saz toparynyň bagşylary tebigatymyzyň gözelliginiň, ýaşlygyň ýarany bolan bahar paslynyň waspyny ýetirýän türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň miras galdyran ajaýyp goşgularyna döredilen aýdym - sazlary ýerine ýetirip, dabaranyň şanyny belende göterdiler.

Uly şatlyk-şowhun bilen geçirilen aýdym-sazly dabaraly çäre her bir gatnaşyjyda özüniň ýakymly täsirlerini galdyrdy.