Türkmenistan üçin Hazar deňzi — dostlugyň we parahatçylygyň giňligi, strategiýa durnuklylygynyň hem-de hyzmatdaşlygyň sütünidir. Ýumşak howa, mineral çeşmeler, altyn-çäge kenarlar hem-de «Hazar» döwlet goraghanasynyň baý biodürlüligi ösüşiň tebigy binýadyny döredýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bejeriş-sagaldyş, balneologiýa we dynç-alyş mümkinçiliklerini jemläp, oýlanyşykly gurulan durnukly syýahatçylyk ekosistemasy hökmünde şekillenýär. Bu ýerde sebit ýurtlarynyň hoşniýetli goňşuçylygyny we hyzmatdaşlygyny berkitýän baýramçylyklar, halkara duşuşyklary we resmi çäreler geçirilýär. BMG goldawy bilen «Awazada» durmuşa geçirilen soňky başlangyçlar onuň dünýä nusgalyk meýdança hökmünde abraýyny tassyklaýar.
Makalaň awtory: Selbi GULMADOVA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
öwreniji mugallymy.