2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçileri taýýarlamak hakynda Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 56 belgili buýrugyna laýyklykda, meýletinçileri taýýarlamak bilen bagly umumy onlaýn okuw sapagy geçirildi.
Bu onlaýn okuw sapagyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty boýunça saýlanan meýletinçi talyplar hem işjeň gatnaşdylar. Onlaýn sapagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan çykyş eden mugallymlar “Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň eserleri türkmen meýletinçileri üçin ýol görkezijidir” tema boýunça, şeýle hem Meýletinçilik hereketi barada umumy düşünje, ýagny meýletinçiligiň aýratynlyklary, meýletinçiligiň maksatlary we wezipeleri, ilkinji meýletinçilik hereketiniň ýüze çykyşy, meýletinçilik işiniň ugurlarynyň görnüşleri dogrusynda çykyş etdiler. Esasan hem häzirki döwürde meýletinçilik hereketiniň ösüşi we ähmiýeti, meýletinçiniň hünär taýýarlygy we özüni alyp barmak medeniýeti baradaky çykyş örän täsirli boldy. Bu onlaýn okuw sapagyna gatnaşan meýletinçi talyplar özlerine gerekli möhüm maglumatlary aldylar. Meýletinçileri taýýarlamak bilen bagly umumy onlaýn okuw sapaklary her hepdede yzygiderli dowam etdiriler.
Şeýle hem meýletinçileriň dil we terjime başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň Meýletinçiler merkezi tarapyndan hepdede iki gezek amaly okuw sapaklary gurnalýar. Bu amaly okuw sapaklarynda ýörite tassyklanan Okuw maksatnamasy boýunça iňlis dilinde we rus dilinde okuwlar gurnalýar. Meýletinçiler Watanymyzyň taryhyny, däp-dessuryny, medeniýetini, sungatyny, milli baýramçylyklarymyzy daşary ýurt dillerinde öwrenip, ýurdumyza geljek daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin beýan etmek bilen, biziň ýurdumyzyň halkara abraýyna uly goşant goşarlar.
Kümüş Allabaýewa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, Meýletinçiler merkeziniň başlygy