Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň Kompýyter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň professor – mugallymlary bilen talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda institutymyzyň täze gurulýan okuw binasyna göçme okuw sapagy geçirildi. Göçme okuw sapagyň dowamynda talyplara bu ýerde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak we binagärlik-gurluşyk, jemagat hojalygy, himiýa, energetika, senagat we ýol-ulag pudaklaryny inžener işgärleri bilen üpjün etmek göz öňüne tutulýandygy barada aýdyldy hem-de talyplara ýokary okuw jaýymyzyň täze binasynyň gurluşygynyň güýçli derejede alnyp barylýandygy bilen tanyşdyryldy.