2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ajaýyp üstünlikleriniň ähmiýetini wagyz-nesihat, düşündiriş-ündew işlerini geçirmekligiň dowamynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň gurnamagynda professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan taýýarlanan taslamalaryň we işläp taýýarlamalaryň “Türkmeniň milli mirasy we buýsanjy bedew” atly sergisi geçirildi.
Bu sergide dürli ugurlary boýunça taýýarlanan taslamalaryň maketleri, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedew atlarynyň ajaýyp gözelligini şöhlelendirilýän, şeýle hem döwrüň talaplaryna laýyk gelýän dürli görnüşdäki şekil taslamalaryň birnäçesi görkezildi.
Şol serginiň dowamynda mugallymlar tarapyndan sergä tomaşa eden talyplara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzirki wagtda türkmen bedewleri dünýä atşynaslygynyň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilmegi boýunça alnyp barylýan işleri, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döran “Atda wepa-da bar, sapa-da”, “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” atly çuňňur manyly eserlerden täsirli gürrüňleri berdiler.
Uly şatlyk-şowhun bilen geçirilen şekil taslamalarynyň sergisine gatnaşanlarda özüniň ýakymly täsirlerini galdyrdy.