Halkara hyzmatdaşlygy netijesinde talyplary daşky gurşaw howpsuzlygy babatynda bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdüriýetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde we Türkiýe Respublikasynyň Çanakkale Onsekiz Mart uniwersitetiniň we Türk Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (TIKA) goldawy bilen 2025-nji ýylyň 31-nji martyndan 25-nji maýy aralygynda “Daşky gurşaw dostlugy okuw moduly” atly onlaýn okuwlar gurnaldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem bu 40 sagatlyk okuwa işjeň gatnaşyp, ony üstünlikli tamamladylar we degişli şahadatnamalara mynasyp boldular. Bu gurnalan onlaýn  okuwy hünär ussatlygyny ösdürmekde we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimdir. Bu başlangyç bilim we tejribe alyşmaga kömek etmek bilen, talyplaryň bilelikdäki ylmy-gözleg taslamalaryna gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri  hem açýar.