Ulag diplomatiýasy — ösüşiň möhüm ugry

Ösen ulag­logistika düzüminiň bolmagy häzirki wagtda dünýäniň ykdysady giňişliginde gatnaşyklary netijeli ilerletmegiň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyz hem soňky ýyllarda bu pudagy çalt depginlerde ösdürýän, döwrebap üstaşyr ulag geçelgelerini döredýän döwlet hökmünde tanalýar. Ulag ulgamy ösen ýurtlardyr sebitlerde işjeň söwda­ykdysady gatnaşyklar, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň täze möhüm ugurlary, iň esasysy hem parahatçylyk we durnukly ösüş emele gelýär. Hut şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Hazar zolagynda ulag­kommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek boýunça ýörite maksatnamany işläp taýýarlamak, onda Hazar, Gara deňizleriň, Merkezi Aziýanyň, şeýle­de Ýakyn Gündogaryň arasynda ulag­üstaşyr mümkinçiliklerini göz öňünde tutmak baradaky başlangyçlary dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň sazlaşykly utgaşýan bitewi merkezini döretmek maksat edinilýär.

Neşir edilen makalany goşulan PDF-faylda görebilersiňiz.