img

ELEKTROTEHNIKADAN DERS BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Serdarymyzyň Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkiçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly, ýaşlary terbiýeläp ýitişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşy geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlarna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de ýaşlarda ýeňşe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurnamagynda Şanly Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň 33 ýyllyk toýy mynasybetli ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Elektrotehnika” okuw dersinden ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşigine ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň 18-si gatnaşyp, şolaryň 3-si Türkmen döwlet Energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, Harby deňiz instituty onlaýyn görnüşinde gatnaşdy.

Ders bäsleşiginiň geçirilmeginiň esasy maksady talyplarda özbaşdak pikirlenmegi, özbaşdak işlemegi, çylşyrymly meselelerden baş alyp çykmaklygy öwretmekden şeýle hem nazarýetde alan bilimlerini tejribede ulanmaklygy başarmaga höwes döretmäge, öz intellektual ukyplaryny açyp görkezmelerine uly mümkinçilik döretýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar