Şäher gurluşygy hünäriniň talyplary üçin uly gurluşyk meýdançasynda göçme okuw sapagy

2026-nji ýylyň 23-nji martynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Şäher gurluşygy” hünäriniň 4-nji ýyl talyplary üçin gyzykly we täsirli göçme okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň tejribeli uly mugallymlary Y. Ataýew we M. Nuryýewyň ýolbaşçylygynda “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda geçirildi. 


TDBGI


Kärhananyň hünärmenleri talyplara gurluşyk meýdançasynda ýüze çykyp biljek dürli ýagdaýlar, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk düzgünleri, adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de olara garşy çäre görmek barada jikme-jik düşündiriş işlerini geçirdiler. Soňra talyp ýaşlar kärhananyň hünärmenleri bilen bilelikde dürli ýerlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdylar.


TDBGI


“Şäher gurluşygy” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan guralan bu sapak diňe bir gurluşyk prosesleriniň tehniki taraplaryny düşündirmek bilen çäklenmän, eýsem, talyplaryň çözgüt gözleg ukybyny, toparlaýyn işleşmek başarnygyny hem ösdürmäge gönükdirildi. Şeýle göçme okuw sapaklary ýaş gurluşykçylaryň tejribe toplamagyna, hünär taýdan pugtalanyp, geljekki zähmet ýoluna ynam bilen başlamagyna giň mümkinçilik döredýär.


TDBGI