Çeper edebiýat — kämil sözleýşiň açary

2026-njy ýylyň, 19-njy fewralynda “Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” atly ýyly mynasybetli “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna”  laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň işini durmuşa geçirmekde bellenilen çärelerden ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy B.Oraztaganowa we mugallymy M.Baýramgulyýewanyň gatnaşmagynda  Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdepde zähmet çekýän daşary ýurt dili mugallymlaryň we okuwçylarynyň arasynda  “Literature — The Key to Masterful Speech.” atly duşuşygy geçirildi.

Halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň çäginde geçirilen bu duşuşyk, mekdep okuwçylarynda daşary ýurt dilleri öwrenmäge uly gyzyklanma döretdi. Şeýle duşuşyklar daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň arasynda tejribe toplamaga we özara pikir alyşmaga uly goldaw berýär.  

Duşuşygyň ahyrynda Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Nurmyradow Rahim, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Aşyrowa Aýbölek, Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şamyradowa Maral çykyş etdiler.