Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 23-ine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymlary Kümüş Allabaýewa, mugallym Bägül Annanepesowa, Aýjemal Alaşaýewa tarapyndan institutymyzyň 1-nji, 2-nji we 3-nji umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyplaryň arasynda Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň häzirki zaman bilim ulgamyna täsiri we ylmy ähmiýetiatly wagyz-nesihat duşuşyklary geçirildi.  

Dilleri özleşdirmek bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we halkara hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga ýardam edýär.

Ylmy-barlag işleri bilen meşgullanýan ýaşlar üçin daşary ýurt dilleriniň, ähmiýeti örän uludyr. Dünýäniň iň täze ylmy maglumatlaryna, tehnologik täzeliklerine we halkara kitaphanalaryna göni elýeterlilik gazanmak üçin dil bilmek zerurdyr. Bu bolsa biziň ylmy işlerimiziň hilini we dünýä derejesindäki ornuny ýokarlandyrýar.

Şeýle çäreler talyplaryň daşary ýurt dillerine bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşýar.