Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň halypa mugallymlary hem-de talyp ýaşlary bilelikde Türkmen Halysynyň Milli Muzeýine gyzykly gezelenç guradylar.

Muzeýde dürli welaýatlara degişli gadymy hem-de häzirki zaman halylary görkezilýär. Şeýle hem dünýädaki iň uly elde dokalan halylaryň biri şu ýerde saklanylýar. Talyplara her bir halynyň nagyşlarynda halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklarynyň beýan edilýändigi giňden düşündirildi.

Bu gezelenç talyplara milli mirasymyzyň gadyr gymmatyny has çuňňur duýmaga mümkinçilik berdi. Şeýle medeni çäreler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we watana bolan söýgini hasda artdyrýar.