Meýletinçiler baky Bitarap Watanymyzyň waspçylary!

2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak, şeýle hem Garaşsyzlygyň şanly 35 ýyllygyny ýokary derejede bellemek we onuň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň we “Diller” kafedrasynyň gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly taryhy ösüşleriň zamany” atly okuw seminary geçirildi.


TDBGI


Bu okuw seminardynda halkara çärelerinde meýletinçi talyplaryň tutýan orny barada, olaryň daşry ýurt dillerini ýokary derejede bilmelidikleri dogrusynda çykyşlar boldy. “Diller” kafedrasynyň mugallymlary “Halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti", “Ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmakda innowasion tehnologiýalaryň aýratynlyklary” ýaly temalar boýunça giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle hem institutymyzyň 1-nji ýyllyk meýletinçi talyplary hem daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti we 2026-njy ýylyň şygary “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany - gelejegiň aýdyň ýoly” temalar boýunça öz pikirlerini paýlaşdylar. Okuw seminara gatnaşan meýletinçi talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar.


Kümüş Allabaýewa
Meýletinçiler merkeziniň başlygy