2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň Himiýa institutynda “Ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmekde halypa alymlaryň tejribesinden peýdalanmagyň ähmiýeti” atly ylmy-usuly maslahaty geçirildi. Ylmy-usuly maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy barlag institutlaryndan alymlar, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Şol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň uly mugallymy Bägül Ataýewa “Ajaýyp döwrümiziň ylmy jemgyýetiniň täze neslini kemala getirmekde halypa-şägirt ýörelgesi” atly tema bilen hem-de bu fakultetiniň “Eremesi kyn metal däl we silikat materiallaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Rahym Nurmyradow “Tehnogen galyndylaryndan gurluşyk we oba hojalyk önümlerini almagyň innowasion usuly” atly tema boýunça çykyş etdiler.
Ylmy-usuly maslahatynda çykyş edenler, ýaşlary ylmy-barlag işlerine çekmekde halypa alymlaryň tejribesinden peýdalanmagyň ähmiýeti, ýaşlaryň ylmy taýdan ösmegine ýardam bermek, olaryň täze pikirler we innowasiýalar bilen tanyşmagyny üpjün etmek üçin örän möhümdigi barada pikirler aýdyldy. Halypa alymlar, öz tejribelerini we usuly maslahatlaryny ýaşlara geçirmek bilen, olary ylmy gözleglerde işleri dowam etmegini höweslendirýärler. Şeýlelikde, ýaşlaryň tejribe gazanmaklary, ylmy işlerde has üstünlikli bolmaklary üçin esasy ýol açylýar. Halypa alymlaryň maslahatlary we ýolbaşçylygy ýaşlaryň düşünjesini giňeldip, olaryň ylmy barlaglarda has netijeli bolmaklaryny üpjün edýär. Şeýle hem, ýaş alymlara özleriniň ylmy ýoluny tapmak, täze mümkinçilikleri gözläp, täze barlaglar we çözgütler üstünde işlemek üçin ylham berýär.