2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Watanymyz we il-ulsumyz bedew bady bilen üstünliklere sary öňe barýar. Mähriban halkymyzyň dünýä beren deňsiz-taýsyz gymmatlyklarynyň asyl mazmuny hem ahal-teke bedewlerinde jemlenendir.

Golaýda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň atçylyk harby bölüminde «Şan-şöhraty dünýä dolan bedewler» atly çäre geçirildi. Bu çäräniň dowamynda atçylyk harby bölüminde saklanylýan türkmeniň uçar ganaty, goç ýigidiň söweşde ýoldaşy ahalteke bedewleriniň seýislenişi, saklanyşy, idedilişi, ösdürilip ýetişdirilişi bilen içgin tanyşdylar.

Bedew atlaryň ýurt goragçylarynyň iň ýakyn we iň ygtybarly ýoldaşy we syrdaşy bolandygyna taryh şaýat. Bu günki günde türkmen ýigitleri öz bedewlerini söýýärler, guwanýarlar we oňa buýsanýarlar. Sebäbi türkmeniň harby däp-dessurlarynyň arasynda beýleki halklarda duş gelmeýän däpleriň biri goşunda türkmen bedewini söýmek, oňa guwanmak we buýsanmak hem-de ideg etmek däbidir.

Türkmen bedewi taryhyň ähli döwürlerinde halkymyza, onuň ýurt goran gerçeklerine şan-şöhrat getirdi. Şonuň üçin hem bedew atlary Ýaragly Güýçlerimizde seýisläp ýetişdirmek iňbir asylly däpleriň biri hökmünde häzirki günde hem dowam etdirilýär.

Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary bu ýerde bolup, türkmen bedewini söýýän, watanymyzyň gerçek ýigitleriniň alyp barýan işleri, seýisçilik sungatynyň inçe tärleri, ideg etmegiň aýratynlyklary hem-de at-esbaplary barada gyzykly maglumatlary aldylar.
Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary,
polkownik.