Ders bäsleşigi

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşa geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlaryna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda  ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň gutardyş synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň I tapgyryny “Matematika” okuw dersinden 2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde, “Fizika” okuw dersinden 2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde, “Himiýa” okuw dersinden 2025-nji ýylyň 3-nji aprelinde we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary”  okuw dersinden 2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde onlaýn usulda, şeýle hem ders bäsleşikleriniň II tapgyryny Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde ýörite bellenilen bilim edaralarynda 2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde gatnaşmak usulynda geçirilýär.